Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

23 Aprel 2024
354

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz halk hojalygynyň ähli ugurlarynda guwandyryjy üstünliklere eýe bolup, dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly döwletleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň röwşen geljegimize gönükdirilen başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler gazanylýan köptaraply üstünlikleriň berk binýadydyr. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly taglymatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, nurana geljegini gazanmak maksadyna gönükdirilen beýik işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Ýakynda Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi beýik ösüşleriň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, 2 gatly 59 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplum dabaraly açyldy. Munuň özi her bir ildeşimizi buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bähbidi ugrunda alnyp barylýan işler wajyp ähmiýete eýedir. Eziz Diýarymyzda gurlup ulanmaga berilýän şeýle desgalar milli ykdysadyýetimiziň ösendiginden habar berýär. Gazanylýan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmegine netijeli itergi berýär.

Sülgün MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.