Yklymlary birleşdirýän ulgam

17 Aprel 2024
176

Dostana gatnaşyklary has ileri tutýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bu günki ýeten belent abraýy taryhyň sahypalarynda öz beýanyny yzygider tapýar. Muňa ýurdumyzda ulag ulgamyny ösdürmek babatda amala aşyrylýan asylly işler hem aýdyň mysaldyr.

Ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň döwrebap görnüşi kemala getirilýär. Munuň özi gadymy hem müdimi bolan Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täzeçil röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Logistikanyň maksady önümi tiz wagtda we ygtybarly ýagdaýda öndüriji kärhanalardan alyjylar köpçüligine ýetirmekden ybarat bolup durýar. Bu adalga halkara hyzmatdaşlygynda önümiň, harydyň ýa-da ýerine ýetirilmeli hyzmatyň dolandyryş ulgamynyň ulaglar bilen daşalyşyny sazlaşdyrmak, ulgamlaşdyrmak ýaly toplumlaýyn işleriň kesgitlemesi hökmünde garalýar. Ýurdumyz şeýle ulgamyň ösmegi ugrundaky asylly işleri guramakda ilkinjileriň hatarynda bolmak bilen, halkara maslahatlaryň we degişli ugur bilen baglanyşykly sergileriň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

«Esger».