Bagtly durmuşyň sakasy

17 Aprel 2024
524

Halkyň saglygy abadan we bagtyýar durmuşyň berk binýadyny üpjün edýär. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu babatda öňde durýan wezipeleri döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmegi döwlet syýasatynyň baş maksady hökmünde öňe sürýär. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygy barada uly aladalar edilýär. Il saglygyny goramakdaky döwletli tutumlar ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň ugurlaryny we hil derejesini halkara ülňülere laýyk getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Ajaýyp döwrümizde döwlet derejesinde edilýän giň gerimli aladalar ýurdumyzyň saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny okgunly ösüşe eýe etdi. Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bina edilen, hil taýdan halkara ülňülere laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralary, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri şol ösüşiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda bu ýerler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň arzyly ýerlerine öwrüldi.

Aýsona Gulanowa,
welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi.