Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

17 Aprel 2024
119

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň we UN-Habitat-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda milli ösüşi ilerletmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça amala aşyrylan çäreler hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Şeýle hem 2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň, şol bir wagtda ýurdumyzyň BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň bellenilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygy nygtaldy.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.