Yhlasly iş ýeňşe ýetirýär

16 Aprel 2024
459

«Malym – halym» diýen ýörelgä eýerip, jemgyýetçilik mallaryny gyşdan başbitin hem-de orta semizlikde alyp çykmagy başaran Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Mary welaýatynyň etraplardaky maldarçylyk hojalyklarynyň zähmetsöýer adamlary özleriniň ähli ukyp-başarnyklaryny her bir jogapkärli möwsümiň netijeli jemlenmegine gönükdirýärler. Olaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigine bolsa hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk pudagyny döwrebap ösdürmek bilen baglanyşykly berýän kömek-goldawlaryna jogap edip, dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak boýunça ýylyň-ýylyna gowy görkezijileri gazanýan Tagtabazar etrabyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mysal üçin, etrabyň öňdebaryjy «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda owlak-guzy almak boýunça bellenilen döwlet tabşyryklaryny sebitdäki maldarçylyk hojalyklarynyň arasynda ilkinji bolup, bireýýäm berjaý etdiler. Bu gazanylan üstünlik barada ady agzalan hojalygyň başlygy Arslan Öwezow guwanç bilen şeýle gürrüň berdi:

— Şu ýylyň owlak-guzy möwsümi biziň hojalygymyzyň dowardarlary üçin düşümliligi bilen has-da begendirýär. Hojalygymyzda bar bolan 54 müň 237 baş malyň 21 müň 337-si ene goýundy. Çopan-çoluklaryň, hünärmenleriň birleşen tagallalary bilen çekilen zähmet irki möhletlerde döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Alnan sagdyn owlak-guzulary ösdürime goýduk. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maldarlara berýän uly kömek-goldawlaryna iş bilen jogap berip, gadymy çarwaçylyk usulyny ylmyň gazananlary bilen utgaşdyryp alyp barýan hojalygymyzyň maldarlarynyň agzybirlikli çekýän päk we tutanýerli zähmetleriniň miwesidir. Şeýle gowy netijeleriň gazanylmagynda maldarlarymyzyň hemmesiniň hem mynasyp paýy bar. Kärendeçi çopanlarymyz Kakageldi Baýmämmedow, Mekan Nepesow, Şöhrat Muhammetjumaýew has-da göreldeli zähmet çekýärler.

Toýly GARÝAGDYÝEW,
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň jogapkär işgäri.