Gadymy Änew — ak bugdaýyň mekany

16 Aprel 2024
289

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjymyz bolan şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby, adyndan belli bolşy ýaly, hut şu gadymy medeniýete bagyşlanandyr. Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu eser türkmen halkyna ajaýyp sowgat bolmak bilen, bu ugurdaky ylmy maglumatlaryň örüsini has giňeltdi.

Änewiň ak bugdaýyň gadymy mekanydygyny tassyklaýan bugdaý we arpa däneleriniň galyndylarynyň ýüze çykarylmagy ýatda galyjy waka boldy. Bu açyş däneli ekinleriň ösdürilip ýetişdirilen dünýädäki ilkinji sebitleriniň biri bolandygyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, Änewiň oturymly ilatynyň ekerançylyk bilen meşgullanandygyny, gadymy ata-babalarymyzyň däneli ekinleri ýetişdirip, bugdaý unundan çörek taýýarlan ilkinji halklaryň biri bolandygyny äşgär edýär.

Batyrmuhammet AMANMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.