Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady

16 Aprel 2024
231

15-nji aprelde paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.

Forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybaratdyr. Aşgabat forumy “Türkmendemirýollary” agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.