Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

15 Aprel 2024
288

12-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudaga halkara tejribeleri ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Önümçilige dünýäniň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna döwlet konserniniň nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri barada hem aýdyldy. Munuň özi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi bilen üpjün etmäge, bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer.

«Nebit-gaz».