Änew — ähli döwürler üçin täsin bir älem

15 Aprel 2024
577

Türkmen halkynyň örän gadymy we baý taryhy-medeni mirasa eýe bolandygynyň köp sanly subutnamalary ýüze çykarylan Änew şäheriniň üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi beýik taryhymyzyň şöhratly sahypalarynyň halkara jemgyýetçiligiň üns merkezindedigini görkezýär.

Änew — taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älem. Gorgan-gorgan depeleriň, belentli-pesli baýyrlaryň astynda taryhyň müňlerçe ýyllary henizem basyrylyp ýatyr. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar. Hut şu toprakdan tapylan bugdaý däneleri Türkmenistany ak bugdaýyň watany hökmünde dünýä tanatdy. Şundan ugur alsak, adamzat ýaşaýşy üçin iň zerur iýmit şu toprakda ýetişdirilen bolsa, diýmek, ilkinji oturymly ýaşaýyşlar, ilkinji suwarymly ekerançylyklar, ilkinji hojalyklar we jemgyýetler, ilkinji medeniýetler şu ýerde kemala gelip başlapdyr diýip, arkaýyn aýtsa bolar.

Guwanç MERETDURDYÝEW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň önümçilik, ylym we tilsimatlar bölüminiň esasy hünärmeni.