Dostluk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik

8 Aprel 2024
236

türkmen-täjik gatnaşyklarynyň özenini düzýär

Halklary bir-birinden tapawutlandyrýan aýratynlyklar olaryň dilinde, dini garaýyşlarynda, edim-gylymlarynda we däp-dessurlarynda ýüze çykýar. Emma dünýä halklaryny birleşdirýän umumy gymmatlyklar külli adamzadyň birligini, bitewüligini aýan edýär. Bu gymmatlyklar bolsa ynsanyýetiň, hususan-da, dünýäniň ähli halklarynyň eneleriniň we çagalarynyň parahat durmuş bilen bagly arzuwlarynda jemlenýär. Hut şu bitewülik halklaryň ählisini bitewi maksadyň daşynda jemleýär. Şol baş maksat bolsa, ilkinji nobatda, parahat, asuda durmuşda ýaşamak bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyz tarapyndan halkara derejede öňe sürülýän başlangyçlaryň ählisi hut şu garaýyşdan gözbaş alýar. Bu umumadamzat bähbitli ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň içeri hem daşary syýasatynyň özenini düzýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň üstümizdäki ýylyň 4-5-nji aprelinde Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda geçirilen duşuşyklar, söhbetdeşlikler we beýleki medeni çäreler turuwbaşdan özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine ýugruldy.

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan». Aşgabat — Duşenbe — Aşgabat.