Ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

8 Aprel 2024
205

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.

...Irden welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanyna sport çäresine gatnaşyjylar ýygnandylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary aýdym-sazly, tansly çykyşlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýärler.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.