Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

5 Aprel 2024
140

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi hem-de netijeli gepleşikleriň geçirilmegini arzuw etdi.