Duşenbede resmi saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy. Onda parlament ugurly türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy. Duşuşyga iki ýurduň wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, parlament işi hemişe anyk maksatlara hem-de wezipelere — adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, olaryň döwlet işlerine işjeň gatnaşmagyny höweslendirmek, möhüm çözgütleri kabul etmek maksatlaryna esaslanýan döredijilikli işdir. Şoňa görä-de, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmak, birek-biregiň gazanýan üstünliklerini öwrenmek we olardan peýdalanmak, toplanan tejribäni oýlanyşykly ulanmak örän wajypdyr. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň sebitleýin formatdaky parlamentara meýdançalaryň işine işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek gerek. 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali hem gatnaşypdy.