«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent türkmen ýaşlaryna bilim hem sagdyn terbiýe bermek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli bolmagy ugrunda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň raýatlara elýeter derejesini giňden ýaýbaňlandyrmak bilen bir hatarda, bu işleriň ylmy esasda gurnalmagy, degişli ulgamyň işgärleriniň öňünde döwlet derejeli wajyp meseleleriň biri bolup durýar.