Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

28 Mart 2024
177

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilini kabul etdi. Ol “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.