Lebaply pälwanlaryň nobatdaky üstünligi

28 Mart 2024
477

Türkmen türgenleri Moskwa şäherinde Sambony esaslandyryjylaryň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň dördüsini eýelediler. Ýaryşda sport sambosy boýunça gazanylan 4 medalyň üçüsine lebaply pälwanlar mynasyp boldular.

Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu ýaryşa dünýä döwletleriniň 13-sinden pälwanlaryň 250-den gowragy gatnaşdy. Baýrakly orunlary almak ugrunda guralan tutluşyklarda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiň tälimçisi Jemal Awlýakulyýewa 65 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Ýurdumyzyň ýygyndysyna bürünç medaly-da ýene-de şol sport mekdebiniň tälimçisi 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Saodat Işmuradowa getirdi. Köýtendag etrabyndaky 4-nji sport mekdebiň tälimçisi Nedir Allaberdiýew bolsa 79 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala eýe boldy.