Milli mirasymyza belent sarpa

24 Mart 2024
688

Golaýda Daşoguz şäherindäki Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň binasynda ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň halkara sanawlaryna goşulan milli mirasyny wagyz etmek maksady bilen «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahat hem-de amaly-haşam önümleriniň sergisi guraldy.

Bu maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty, ýurdumyzyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde welaýatyň çäginde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärlikleri ýüze çykarmak, olary wagyz etmek hem-de ÝUNESKO-nyň halkara sanawlaryna girizmek maksady bilen geçirildi.

Aşyrdurdy ALLAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.