Senagat desgalary — ösüşleriň keşbi

14 Mart 2024
297

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly wakalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň paýhasly sözleriniň durmuş hakykaty bolup, şöhratly taryhymyzy has baýlaşdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden taryhy çykyşynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, ulanylmaga beriljek ençeme ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr desgalar barada aýtmak bilen, gadymy Lebap topragynda bina edilen sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň hem açylyp ulanylmaga beriljekdigini nygtady.

Maksat NURYÝEW,
«Adalat».