Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

14 Mart 2024
227

13-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan şol maksatnamalar häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar.