Möhüm möwsüme taýýarlyk

28 Fewral 2024
886

Pendi ýaýlasynda Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Tagtabazar etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň çopanlary owlak-guzy möwsümine ykjam taýýarlykly geldiler. Boz meýdanlarda, belentli-pesli baýyrlarda ýaz paslynyň ilkinji alamatlary bolup ösüp oturan gök otlar gözüňi dokundyrýar. Esasy bellemeli zat, sahawatly sährada ösümlikleriň dürli görnüşleriniň bitýänligidir. Şeýle ösümliklerden iýmitlenýän dowarlar bolsa agramlyk durkuny kadaly saklaýarlar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hojalygyň janypkeş maldarlary owlak-guzy möwsüminde 169 müň 172 ene goýundan 93 müň 535 guzy almagy meýilleşdirýärler. Hojalygyň maldarlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň azyk bolçulygyna goşant goşmaga, yhlasly we halal zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirýärler.

Ýazdurdy ABDYRAHMANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy.