Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

27 Fewral 2024
861

Ýurdumyzyň oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde pudagy innowasiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak, onuň düşewüntliligini artdyrmak, oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny hem-de seçgiçiligi ösdürmek, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, dolandyryşyň, bazar gatnaşyklarynyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak esasy ugurlaryň hatarynda durýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» oba hojalyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna häzirki zaman usulynda çemeleşilýändigini aýdyň tassyklaýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda azyk, guşçulyk, et we süýt önümçilik kärhanalarynyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin giň şertler döredilýär.

Gutly GOŞAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.