Ene süýdüniň ähmiýeti

21 Fewral 2024
500

Çaga üçin ene süýdünden peýdaly we gymmatly önümiň ýokdugy aýdyň hakykatdyr. Çagany ene süýdünden kesip, emeli süýt bermek düýbünden ýalňyş çemeleşmedir. Çaga üçin niýetlenen emeli süýt önümleri hiç haçan ene süýdüne taý bolup bilmez. Ene süýdüniň ähmiýeti örän uludyr. Ene süýdi we emeli süýt bilen ulalan çagalaryň ösüş aýratynlyklary, sagdynlyk tapawudy ýer bilen gök ýalydyr.

Çaga lukmanlarynyň bellemegine görä, ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar kesellere garşy sanjymlary hiç hili kynçylyksyz, gaýraüzülmesiz alýarlar. Ene süýdi bilen iýmitlenmäniň dişleriň nädogry ösmeginiň, görejiň kütelmeginiň, çaga ulalanda gan basyşynyň ýokarlanmagynyň we ýürek keselleriniň öňüni alýandygyny geçirilýän barlaglar tassyklaýar.