Kelemde haýyr kän

21 Fewral 2024
531

Ynsan saglygyny berkitmekde gök önümler möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Olaryň arasynda turşadylan kelem hem bar. Bu önüm C ýokumyna örän baý bolup, saglyk üçin has haýyrlydyr. Ol gyş aýlarynda sowuklamadan goranmakda esasy serişdeleriň biridir.

Turşadylan kelemiň düzümindäki C ýokumy, şeýle-de içegeler üçin peýdaly bolan probiotikler bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrýar. Bulardan başga-da bu önüm bedeniň demir, sink, kalsiý ýaly peýdaly makro we mikroelementleri gowy özleşdirmeginde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär.

Dursun JUMABAÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.