Maksatlar myrat tapanda

20 Fewral 2024
719

Ak ekin ekip, ondan bol galla hasylyny alýan daýhanlaryň şu günki aladalary özüne ýetik. Çünki daýhançylyk hysyrdyly iş hasaplanylýar. Şoňa görä-de, ene ýere hyzmat edip, yhlasyny, zähmetini gaýgyrmaýan daýhanlar «berekella!» mynasyp bolýarlar. Şeýle daýhanlaryň biri hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Magtymguly Nurmämmedowdyr. Ol alyp barýan işleri barada gyzyklanyp beren sowalymyza şeýle jogap berdi:

— Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli alyp barýan işleriniň çäklerinde oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde hem guwandyryjy netijeler gazanylyp, ýokary görkezijilere eýe bolunýar.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.