Ak bugdaý — arzyly bugdaý

18 Fewral 2024
715

Hawa, biz indi şeýle diýip juda ynam bilen aýdyp bileris. Men häzir şu sözleri dile getiren mahalym, ak ekiniň çilinde durun. Tüweleme, luw ýylynyň gyşy Daşoguz topragyna bol gary bilen geldi. Tejribeli, köpügören daýhanlar: «Çillede ýagan gar ak ekin üçin edil possun ýalydyr. Şonuň aşagynda ymyzganan maýsanyň tomusdaky harmany bol bolar» diýerdiler.

Meniň daýhançylyk tejribäm 30 ýyldan agyp barýar. Ata-babalarymyň rysgal-bereket tapan kesbini ýöredip gelýärin. Daýhanyňky, anyk aýdanyňda, azap bilen «gaňryp» almak. Lap etmäýin weli, ak ekiniň şu ýyldaky ýaly boldumly bitenini gördüm diýsem ýalançy.

Aşyrmuhammet SÖÝÜNOW,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşigindäki tohumçylyk hojalygynyň ýolbaşçysy.