Saglyk — baş baýlyk

18 Fewral 2024
577

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakda döwrebap özgertmelere badalga berilýär. Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler bolsa buýsandyryjydyr. Häzirki zaman döwrebap anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak bilen, saglygy dikeltmegiň hili ýokarlandyrylýar. Lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda uly ösüşler nazarlanylýar.

Kakajan ÖWELÝÄÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hirurgiýa kafedrasynyň assistenti.