Saglygymyz özümize bagly

14 Fewral 2024
507

Ýiti respirator keseli, esasan, gyş paslynda ýokary dem alyş ýollarynyň, ýagny agyz boşlugynyň, bokurdagyň, burnuň nemli bardalarynyň zeperlenmegi bilen ýüze çykýar. Bu keseli dörediji wiruslar köp görnüşli bolup, olar howa-damja ýoly bilen näsag asgyranda, üsgürende, golaý aralykda ýüzbe-ýüz gürleşilende, gündelik ulanylýan gap-gaçlaryň, çagalaryň oýnaýan oýunjaklarynyň üsti bilen beýleki adamlara ýokuşyp bilýär. Bulardan başga-da, adamlaryň köp wagtyny ýelejiredilmeýän jaýlarda geçirmegi ýa-da otagyň penjirelerini, awtoulaglaryň aýnalaryny bir wagtda ikitaraplaýyn açylyp ýel çalanda, şeýle hem pasla görä geýnilmänliginde kesel ýüze çykyp bilýär.

Adatça, bu kesel duýdansyz başlaýar. Hususan-da, bedeni gowşak adamlarda, çagalarda köp duş gelýär. Immuniteti pes adamda keseliň gaýtalanyp durmagy hem ähtimaldyr. Sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän sagdyn adamlar bolsa, bu kesel bilen seýrek keselleýärler. Eger keselläýen halatlarynda-da, olar tiz sagalýarlar.

Mekan AGAÝEW,
Aşgabat şäherindäki 12-nji Saglyk öýüniň lukmany.