Zob nähili kesel?

10 Fewral 2024
995

Galkan şekilli mäziň ulalmagy, uly ölçegde boýnuň öň tarapynda açyk-aýdyň bildirip durmagy «zob» diýlip atlandyrylýar. Agzanyň ölçeginiň ulalmagynyň sebäbine düşünmek üçin ilki bilen onuň bedende nähili funksiýany ýerine ýetirýändigini ýatlap geçmek zerurdyr.

Galkan şekilli mäz ähli beden agzalarynyň we ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegine itergi berýän tiroksin, triýodtironin gormonlaryny, kalsiý mikroelementiniň alyş-çalşynyň kadaly bolup geçmegine ýardam edýän kalsitonin gormonyny öndürýär. Galkan şekilli mäz bu gormonlarynyň üsti bilen agzalaryň, dokumalaryň kemala gelmegini, ösmegini, kadaly ýagdaýda işlemegini üpjün etmäge gatnaşýar, bedende bolup geçýän alyş-çalyş hadysalaryny sazlaşdyrýar, myşsalaryň, ýüregiň, kelle beýnisiniň işini goldaýar. Beýleki içki sekresiýa mäzleri, daşky gurşawyň temperaturasy, emosional we fiziki gyjyndyryjylar gormonlaryň öndürilişine uly täsir edýär. Ýöne tiroksin we triýodtironin gormonlarynyň kadaly ýagdaýda emele gelmegi üçin ilkinji nobatda tirozin turşusy, aýratyn hem ýod zerur gerekdir. Bedende ýod talap edilýän mukdarda saklanmaýan ýagdaýlarda tiroksin we triýodtironin gormonlarynyň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Muňa jogap hökmünde galkan şekilli mäziň öwezini dolujy (kompensirleýji) ulalmasy başlanýar. Bu ýagdaý galkan şekilli mäziň işjeňliginiň dürli bozulmalary bilen utgaşyp gelip bilýär.

Jumagül AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.