Saglykdan özge bagt bolmaz

10 Fewral 2024
770

Çagalar, siziň arassa gyş howasynda oýnamagyňyz we gezelenç etmegiňiz saglygyňyz üçin peýdalydyr. Açyk howada oýnalanda ýa-da gezelenç edilende aşa galyň geýinmek maslahat berilmeýär, sebäbi galyň eşikler siziň hereketleriňizi çäklendirýär, bedeniň özara sazlaşygyny üýtgedýär. Gyş paslynyň aýazly howasynda başgap geýmegi, aýakgaplaryňyzy özüňize laýyk, rahat, ýyly hem-de mümkin boldugyça, olaryň dabanynyň düz bolmagyny ýatdan çykarmaň. Siz aýaklaryňyzyň üşemegine ýol bermäň, elmydama ýyly saklamalydygyňyzy unutmaň.

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopediki kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içseňiz peýdaly bolar.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäheriniň 6-njy saglyk öýüniň baş lukmany.