Gallaçylaryň yhlasly zähmeti

7 Fewral 2024
621

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylýan oňyn netijelere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşup gelýän Şabat etrabynyň «Nowbahar» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri geçen ýylyň güýzünde 1182 gektar meýdana bugdaý ekip, ondan oňat gögeriş aldylar.

— Daýhan birleşigimiz boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bugdaýlara ideg etmek işleri ýokary derejede alyp barylýar. Ondan şu ýyl Watan harmanyna 2200 tonnadan gowrak galla hasylyny tabşyrmak meýilleşdirilýär — diýip, hojalygyň baş agronomy Bagtyýar Jumamyradow sözüni dowam etdirdi.

Ýörite habarçymyz.