Dowarlar dok gyşladylýar

7 Fewral 2024
735

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar. Şonuň üçin çopanlar gyş günlerinde ätiýajy elden bermeýärler. Dowarlary gijelerine ýyly we dok saklamagyň aladasyny edýärler. Maljanly çopanlar dowarlaryny gijelerine goşmaça iýmitlendirýärler.

— Çöl gijeleri sowuk bolýar. Sowukda mallar tiz ajygýarlar. Otuna-suwuna seretmek hökman. Mal dok bolsa, gijelerine sowuk kär etmeýär. Rahat ýatýar. Mallaryň üşemeýändigine, dokdugyna gözümiz ýetensoň, biz hem biraz arkaýynlaşýarys — diýip, Gyzylgumdaky «Gyzguýy» guýusynyň töweregindäki öri meýdanynda dowarlaryny bakýan baş çopan Rozmämmet Hoşwagtow bize gürrüň berdi.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.