Maýsalar boý alýar

7 Fewral 2024
889

Sarahs etrabynyň oba zähmetkeşleri güýzlük bugdaý ekilen meýdanlardaky ekine ideg etmek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň hasyly üçin 22 müň 900 gektar meýdanda däne ýetişdirýän etrabyň gallaçy daýhanlary maýsalaryň ideg işleriniň her birine jogapkärli çemeleşýärler.

Ideg işlerinde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň, daýhan birleşikleriniň tehnikalarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. Işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde maýsalar kadaly boý alyp, ýaşyl ýapynjaly meýdana özboluşly öwüşgin çaýýar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri bolsa häli-şindi möwsümleýin işleriň alnyp barylýan ýerlerinde bolup, zähmetkeşleriň armasyny ýetirýärler.

Maksat ORAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň başlygy.