Gowy önümleriň hyrydarlary ýetik

6 Fewral 2024
674

Ýurdumyzyň bazarlaryny ýylyň ähli paslynda ter gök önümler bilen üpjün edip, alyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda ýyladyşhanalaryň belli bahasy ýok. Hususy önüm öndürijiler bu mesele bilen baglanyşykly işleri ilerletmekde döwre mynasyp iş bitirip, köpüň alkyşyny almagyň hötdesinden gelýärler.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän, «Mähriban obam» hususy kärhanasy hem şolaryň biri. Pomidoryň irki ýetişýän görnüşine talabalaýyk ideg edip, 14 gektar meýdany tutýan ýyladyşhanada bu ekiniň bol hasylyny kemala getiren zähmetsöýer işgärler şu günler ýetişdiren önümlerini öz wagtynda ýygnap, ýerlemek üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Öz habarçymyz.