Köşekler köpelýär

6 Fewral 2024
733

Ýurdumyzda maldarçylygyň ösmegine, aýratyn hem düýedarçylykda gowy netijeleriň gazanylmagyna mynasyp goşant goşup gelýän Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky «Sakarçäge» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary gyş paslynda düýeleriň abatlygyny üpjün etmek, olary ýyly gyşlatmak üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisinden netijeli peýdalanyp, zähmet çekýärler. Bu döwür üçin zerur bolan ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny taýýarlandyklaryna garamazdan, olar mallary «Şyhmansur», «Galandar», «Gamyşly» ýaly düýeleriň otlaýan öri meýdanlarynda — meýdan otlaryna baý ýaýlalarda bakmak bilen, jemgyýetçilik mallarynyň gowy gyşladylmagyny gazanýarlar. Hojalygyň maldarlary iň jogapkärli döwre — köşek almak möwsümine-de taýýarlykly geldiler.

Geçen ýyl bu ýerde düýelerden 607 baş köşek almagy başaran sarwanlar, bu ýyl bu sany 700 başa ýetirmegi öz öňlerinde baş wezipe edip goýdular. Şonuň üçin şu ýyl jemi 3 müň 28 baş düýäni bakýan 22 sany çopan toparynyň hemmesi hem ýanwar aýynyň ortalaryndan bu möwsüme guramaçylykly girişdiler. Dörtguly Baýramow, Agamyrat Tuwakmyradow, Rahym Jumanyýazow ýaly tejribeli hem-de öňdebaryjy sarwanlaryň düýe sürülerinde eýýäm ençeme sagdyn köşekler alyndy. Möwsümiň gyzgalaňly döwrüniň başlamagy bilen, beýleki çopan toparlarynyň agzybir maldarlarynyň eýelik edýän düýeleriniň berýän önümleri sarwanlary has-da begendirýär.

Gurbandurdy MAWYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Sakarçäge etrap komitetiniň başlygy.