Gowaçanyň «Ýolöten – 54» täze sorty

6 Fewral 2024
542

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ekilýän oba hojalyk ekinleriniň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hilli, bol hasylly sortlaryny döretmegi we önümçilige ornaşdyrmagy oba hojalykçy alymlaryň öňünde esasy wezipe edip goýdy. Bu wezipäni ýerine ýetirmekde ýokary hasylly, ir ýetişýän, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan gowaça sortlaryny döretmek üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda naýbaşy tohumlary özleşdirmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gowaçanyň täze sortlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy öndürilýän önümiň mukdaryny we hilini ýokarlandyrmakda esasy serişde bolup, köp hasyl öndürmäge hem-de girdejiniň artmagyna ýardam edýär. Pagtanyň öndürilişini gitdigiçe artdyryp, bu barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde seleksiýa ylmynda kabul edilen dürli usullary ulanyp, ýokary hilli, bol hasylly gowaça sortlaryny döredip, önümçilige ornaşdyrmak bolsa döwrüň talaby bolup durýar.

Gowaça hasylynyň 80 göterimi geçirilýän agrotehniki, galan 20 göterimi bolsa sortuň zandyna (genotipine) baglydyr. Täze sorty döretmegiň esasy aýratynlygy köp harajat sarp edilmezden, önümçilige uly goşant goşmaga mümkinçilik berýänligidir. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda alyp baran ylmy-barlag işimiziň netijesinde gowaçanyň orta süýümli – «Ýolöten – 54» täze sortuny döretdik. Bu sort ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň ilkinji we bäsleşik sort synagyndan hem-de ösümlikleriň döwlet sort synag edarasyndan üstünlikli synagdan geçdi.

Muhammetrahym MEREDOW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Gowaçanyň genetikasy we seleksiýasy bölüminiň esasy ylmy işgäri.