Adam saglygy üçin peýdaly iýmit

4 Fewral 2024
534

Ýurdumyzda süýt önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçileriň sany ýylsaýyn artýar

Maldarçylyk toplumlarynda öndürilýän süýt gaýtadan işlenip gatyk, gaýmak, dorog, ýogurt, aýran, syr, peýnir, mesge, başga-da ençeme tagamly, jana lezzetli, ynsan saglygy üçin peýdaly süýt önümleri öndürilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli süýdi gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilýän «Aýaz baba», «Gönezlik», «Sahawatly», «Zamana», «Şabat», «Hepdelik», «Her gün«, «Täze aý«, «Ak çeşme» şeýle hem beýleki haryt nyşanly süýt önümleri ilatda uly islegden peýdalanýar.

Şamyrat HERREMOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň obasenagat toplumy we balykçylyk boýunça maslahatçysy.