Süýdüň iýmitlik gymmaty

4 Fewral 2024
707

Mallardan we ösümliklerden alynýan azyk önümleriniň arasynda iýmit hökmünde we biologik babatda iň gymmatlysy süýt we süýt önümleridir. Emdirijileriň bedenini hemme zerur bolan önümler bilen üpjün edýän ýeke-täk iýmit süýtdür. I.P.Pawlow süýdüň esasy üç häsiýetini: aňsat özleşdirilýändigini, iýmit siňdiriş agzalaryny oýarmak ukybynyň bardygyny hem-de beýleki iýmit önümleriniň düzümindäki azot bilen deňeşdirilende, süýdüň azodynyň aňsat özleşdirilýändigini belläpdir. Süýdüň we süýt önümleriniň siňdirilişi 95 — 98 göterim arasyndadyr. Pawlowyň: «Süýt — tebigat tarapyndan döredilen ajaýyp iýmit» diýip ýazmagy-da ýöne ýerden däldir. Süýdüň ýokary iýmitlik gymmaty onuň diňe bir belogy, ýagy, uglewodlary, mineral duzlary özünde saklaýanlygy bilen däl-de, görkezilen komponentleriň spesifik düzümi bilen tapawutlanýanlygyndandyr. Süýde taý geljek başga bir iýmit önümi ýok. 1 litr süýtde: 32 g belok (şu mukdardaky belok dört-bäş ýumurtgada bolýar), 32 g süýt ýagy (ol 36 g mesge ýagyna deň), 48 g süýt gandy (ol 12 belok gandyň kaloriýasyna deňdir), bulardan başga-da, mineral duzlar we dürli ýaşdaky adamlaryň bedenine zerur bolan hemme ýokumlar diýen ýaly bardyr.

Bir bulgur sygyr süýdünde 30 göterim kalsiý, 22 göterim fosfor we 14 göterim selena bar. Bu bolsa degişli elementleriň adama bir gündäki gerek mukdary.

Taýýarlan: Aýjeren Geldiýewa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň bölüm müdiri.