Eýran 28 ýurt bilen wizasyz režimi girizýär

2 Fewral 2024
799

Eýran 28 ýurduň raýatlary üçin, şol sanda Belarus, Katar, Gyrgyzystan, Meksika, BAE, Saud Arabystany, Serbiýa, Özbegistan hem-de Ýaponiýa ýaly döwletler bilen birtaraplaýyn tertipde wiza režimini aradan aýyrdy. Bu çözgüt 2024-nji ýylyň 4-nji fewralyndan güýje girýär diýip, IRNA habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» habar berýär.

Bu babatda Hindistanyň raýatlary üçin bolsa wiza diňe ýurduň çägine howa gatnawy arkaly girilen ýagdaýynda gerek bolýar.