Gyş suwy — gyzyl suwy

31 Ýanwar 2024
670

Ata-babalarymyz bu pähimi öz nesillerine ýöne ýerden galdyrmandyr. Sebäbi gyş suwunyň göni maksadyndan başga, ýeriň şoruny ýuwmakda-da iňňän uly ähmiýeti bar. Meýdanlar agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz möhletinde kiçi böleklere bölünip, gyş suwy göwnejaý tutulsa toprak daýhanyň göwün diýen hasylyny eçilýär.

Hünärmenler ekişden öňki ýuwuş we tagt suwuny tutmak üçin topragyň mehaniki düzümine görä, ýeňil toprakly atyzlary ululygy 0,15 — 0,25, orta we agyr toprakly meýdanlary bolsa 0,25 — 0,35 gektar edip, çiller arkaly atyzlara bölmegi hem-de her gektara 1600 — 1700 kub metr möçberinde suw goýbermegi maslahat berýärler. Birnäçe ýyl bäri ekin ekip, bol hasyl alyp gelýän daýhanlar bu babatda baý tejribe topladylar. Olar ýeri görenden, synçy nazary bilen topragyň düzümini kesgitläp bilýärler. Eger-de toprak gowy ýuwulmadyk bolsa, ýuwuş suwy ikinji gezek geçirilýär. Hut şonuň üçinem Lebap welaýatynyň daýhanlarynyň ekin ýeriniň köp bölegi Amyderýanyň kenarynda ýerleşensoň, eýýäm birinji gezekde ýuwuş suwy talaba görä geçirilip, topragyň şory aýrylýar. Muňa biz ýakynda Saýat etrabynyň daýhan birleşiklerinde bolanymyzda-da göz ýetirdik. Etrabyň «Bereket» daýhan birleşigi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1376 gektar meýdana gowaçanyň «S-26-06» sortuny ekmegi meýilleşdiripdir. Şonuň üçin gowaça ekiljek ýerlerde ýeriň şoruny ýuwmak işlerine irki möhletlerde girişilipdir. Eýýäm 300 gektardan gowrak meýdanyň şory ýuwlup, talapkär agronom-hünärmenleriň ygtyýaryna berlipdir. Olar topragyň düzümini, şorlulyk derejesini kesgitleýär. Şunda daýhan birleşiginiň Şatlyk Hasanow, Alym Poladow ýaly kärendeçiler toparlarynyň ýolbaşçylary «Amyderýanyň süýji suwunyň baran ýerinde şor galmaz» diýşip, eýýäm ilkinji gezekde bu agrotehniki çäräniň ýokary hilli geçirilmegini gazanýarlar. Bu babatda toparlardaky kärendeçiler hem ýeterlik tejribä eýe.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).