Biokärhanalarda işler ilerleýär

30 Ýanwar 2024
680

Daýhanlarymyzyň, mülkdarlarymyzyň ýurdumyzyň bereketli topragyndan oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almaklary üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly öňdengörüjiligi bilen amatly şertler döredilýär. Bu ugurda biologiki usullary ulanmak peýdaly we netijeli hasaplanýar. Biousullary ulanmak boýunça tutuş ýurdumyzda, şol sanda Lebap welaýatynda hem baý iş tejribesi toplanyldy.

Oba hojalyk ekinleriniň zyýanberijilerine garşy göreşiň has kämil görnüşleriniň biri-de, biologiki usullardan ýerlikli peýdalanylmagydyr. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň Lebap welaýat bölümi bu ugurda degerli tagallalary edýär. Bu işleriň netijeli ýola goýulmagy babatda welaýat bölüminiň hünärmenleri tutanýerli iş alyp barýarlar.

Maral AKMYRADOWA,
öz habarçymyz.