Ilatyň islegli önümleri

30 Ýanwar 2024
554

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çäginde ýerleşýän döwrebap ýyladyşhana toplumynda tapgyrlaýyn ekilen pomidoryň bol hasyly ýetişdirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn gala» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhananyň önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Işi ýöretmegiň täzeçe usullary giňden ulanylýar. Bu ýerde ýylda dürli görnüşli pomidorlaryň 800 tonnasy öndürilip, welaýatyň çägindäki bazarlara, dürli söwda nokatlaryna, şeýle-de ýörite buýurmalar esasynda sarp edijilere ugradylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, ilatyň ýylyň ähli pasyllarynda gök önümler bilen üpjün edilmegine saldamly goşant goşýan toplumda oba ýaşlarynyň 40-dan gowragy zähmet çekýär. Ýyladyşhanada her hepdede 18 –20 tonna hasyl ýygnalýar. Toplumyň umumy meýdanynyň 4 gektar ýerini pomidoryň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhana eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly üns berýär, ildeşlerimiziň oba hojalyk önümçiliginde netijeli we yhlasly zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Döwrebap toplumyň işçi-hünärmenleri azyk bolçulygyny döretmäge, özümizde öndürilýän, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmäge goşant goşýandyklaryna buýsanýarlar.

Abatgylyç NAZAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Şabat etrap birleşmesiniň başlygy.