«Altyn gül» gerimini giňeldýär

30 Ýanwar 2024
589

Hormatly Prezidentimiziň dünýä bazarlarynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekde telekeçilerimiz has möhüm orunlary eýeleýärler. Hususy önüm öndürijileriň aglabasy diňe bir içerki bazarda öňdebaryjy orunlary eýelemek bilen çäklenmän, eýsem, dürli görnüşli önümlerini gaýry döwletlere-de eksport edýärler hem-de ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümlerini ýerlemek üçin täze bazarlary işjeň ýagdaýda gözleýärler. Şolaryň biri hem Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Täze ýurt» daýhan birleşiginde ýerleşýän «Altyn gül» hususy kärhanasydyr. Amala aşyrýan işleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin biz bu kärhananyň üpjünçilik işleri boýunça hünärmeni Abdylla Resulow bilen söhbetdeş bolduk.

— Abdylla, ilki bilen, hususy kärhanaňyzyň haçan döredilendigi hem-de alyp barýan işleri barada gürrüň beräýseňiz?!

Jennet RAIMBAÝEWA,
öz habarçymyz. Suratlarda: ýyladyşhanada işleriň gidişinden görnüşler. Surata düşüren Merdan ORAZOW.