Goýunlaryň et-ýag önümliligini ýokarlandyrmagyň usullary

30 Ýanwar 2024
450

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary netijesinde ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatda hem uly işler geçirilýär. Bu pudagyň ilatymyzy zerur azyk önümleri bilen üpjün etmekdäki ähmiýeti günsaýyn ýokarlanýar. Ýurdumyzyň maldarçylygynda öndürilýän umumy etiň möçberinde dowardarçylyk pudagy agramly orny eýeleýär, has takygy, öndürilýän ähli etiň 45 — 47 göterimi bu pudaga degişlidir.

Türkmenistanda goýunlaryň garaköli, saryja we az möçberde gissar hem-de merinos tohumlary ösdürilýär. Garaköli goýunlary ähli welaýatlarda, saryja goýunlary Ahal welaýatynyň günbatar etraplarynda, gissar goýunlary Lebap welaýatynyň Köýtendag sebitinde we merinos goýunlary bolsa Günorta-Günbatar Köpetdagyň maldarçylyk hojalyklarynda ösdürilýär.

Täzegül SEÝITMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň «Ýüň we deri çig malynyň hilini kesgitleýiş» barlaghanasynyň başlygy.