Bereket bulagy

30 Ýanwar 2024
685

Gözbaşyny Garagum derýasyndan alýan Türkmengala — Zähmet abzalýabyny Mary welaýatynyň ilaty bereket bulagyna deňeýär. Akabanyň Baýramaly, Türkmengala, Murgap etraplarynyň ekerançylyk meýdanlaryny suwlulandyrmakda we ilatyň agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmakda bitirýän hyzmaty uludyr. 2014-nji ýylda bu eşret çeşmesiniň durkunyň täzelenip, beketlerindäki ozaldan bar bolan suw sorujylarynyň kuwwatly enjamlar bilen çalşyrylmagy, işçi-hünärmenler üçin amatly şertleriň döredilmegi akabanyň suw geçirijilik mümkinçiligini sekuntda 40 kub metre çenli ýokarlandyrdy. Bu welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň 44 müň gektaryny suwlulandyryp, sebitde ýaşaýan müňlerçe ilatyň agyz suwuna islegini kanagatlandyrýar.

Abzalýabyň goýnunda üç sany suw göteriji beket bolup, olaryň umumy uzynlygy 46 kilometre barabar. Bereket akabasynyň suw getirijilik mümkinçiligini kadaly saklamakda, hanasyny arassalamakda, beketlerdäki suw sorujylaryň abatlygyny gazanmakda we elektrik üpjünçiligine gözegçilik etmekde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Marysuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Zähmetabzalýap» önümçilik dolanyşygynyň işgärleri egin-egne berip zähmet çekýärler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).