Tohumlyk gowaça çigidi taýýarlanýar

29 Ýanwar 2024
553

Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleri Köneürgenç etrabynda hem barha giň gerime eýe bolýar. Kärendeçi daýhanlary ýeterlik mukdarda tohumluk pagta çigidi bilen üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda pagta arassalaýjy kärhanada alnyp barylýan işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Açylyp ulanmaga berlenine on ýyla golaý wagt bolan bu kärhana her ýyl kärendeçileri ýeterlik mukdarda tohumlyk gowaça çigidi bilen üpjün etmekde ýokary netijeleri gazanýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem kärhana «Gubadag-3», «Jeýhun», «S-4727», «Daşoguz-114» ýaly gowaça görnüşlerinden 2397 tonna tohumlyk çigidi taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Kärhana daşary ýurtlaryň ösen tehnologik enjamlary ornaşdyrylyp, bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler olara başarjaňlyk bilen erk edýärler. Bu ýerde işler üç çalşykda alnyp barylýar. Kärhanada hereket edýän barlaghanada tohumlyk gowaça çigidiniň hil derejesini kesgitleýär. Kärhananyň zähmetsöýer, göreldeli işgärleri hökmünde Ejebaý Gurbanowany, Güljemal Kurbankulyýewany, Arazmyrat Iskenderowy, Baýramgeldi Ilamanowy görkezmek bolar. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, meýilnamada bellenen tohumlyk gowaça çigidini öz wagtynda ýokary hilli taýýarlamaga giň mümkinçilik berýär.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.