Atajan ussanyň bagy

23 Ýanwar 2024
732

Sarahs etrabynyň Alam obasynyň deňinden geçeniňde gür baglyga gözüň düşýär. Şonda obanyň zähmetsöýer adamlarynyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky asylly işlere işjeň gatnaşýandyklaryna göz ýetirýärsiň.

Gürrüňi edilýän obanyň ýaşaýjylary bilen gürrüňdeş bolanyňda, Atajan bagbanyň adyna öwgüli we alkyşly sözlerini aýdýarlar. «Adam eli gyzyl gül» diýleni. Ata-babasynyň kesp-kärine gol beren Atajan uzak ýyllaryň dowamynda ussaçylyk käri bilen meşgul bolýar. Ol halypa ussalardan bu käriň inçe syrlaryny irginsizlik bilen öwrenip, yhlasly çeken zähmetiniň netijesinde baý tejribe toplaýar. Onuň obadaşlarynyň arasynda «Atajan ussa» ady bilen tanalmagy hem ýönelige däl.

Akmyrat MÜRZÄÝEW,
öz habarçymyz.