Göwnejaý ideg edilýär

18 Ýanwar 2024
726

Ahal welaýatynyň oba zähmetkeşleri şu ýyl 195 müň gektar ýerde guşgursak ak bugdaýyň 400 müň tonnasyny öndürmegi meýilleşdirýärler. Bu belent maksada ýetmek gadymy we bereketli ýaýlanyň zähmetsöýer daýhanlaryndan işe has yhlasly, jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýär. Häzirki günlerde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaşajyk bugdaý maýsalaryna edilýän ideg işleri daýhan yhlasynyň ýerine düşjekdigine ynamy artdyrýar.

Ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň ondan bol hasyl almagyň esasy şertidigine oňat düşünýän ak ekin ussatlary häzirki meýdan işlerini ýörite meýilnama esasynda alyp barýarlar. Ideg işleriniň hili ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde saklanýar. Ýeri gelende, ozalky ýyllarda toplanan tejribelere we ylmyň gazananlaryna daýanylmagynyň ýaşajyk maýsalaryň kadaly boý almagyna oňyn täsirini ýetirýändigini aýratyn bellemek gerek. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda göwnejaý garaşyk edilýän ýaşyl ýapynjaly, ýaşajyk maýsaly meýdanlar daş-töwerege ýaraşyk berýär.

(Öz habarçymyz).