Aşa gyzgyn naharlanmagyň täsiri

16 Ýanwar 2024
629

Gyzgyn iýmit ynsan durmuşyna doly ornaşan. Gyzgynjak naharsyz, çaýsyz suprany bu gün göz öňüne getirmek mümkin hem däl. Ýöne aşa gyzgyn naharyň, içginiň soňlugy bilen saglyga ýaramaz täsir edip bilýändigini hem unutmaly däldiris. Mysal üçin, aşa gyzgyn çaý içilende, agyz boşlugynda ýara emele gelip bilýär. Gyzylödege agram düşýär. Sowuk iýmit bilen gyzgyn içgini birbada garyp iýmek has hem zyýanlydyr, çünki şeýle ýagdaýda dişleriň syrçasynyň çat açyp, ol ýerde bakteriýalaryň emele gelmegine sebäp bolup bilýär.

Aşa gyzgyn içgi uzagyndan damagyň diwarjyklarynda çişleriň emele gelmegine getirip bilýär. Netijede, damagyň ýollary daralyp, öýkene howa ýeterlik mukdarda baryp bilmeýär we adam kadaly dem almakda kösençlik çekip başlaýar. Eýranly alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, 60 derejeden ýokary bolan iýmiti yzygiderli iýýän adamlaryň gyzylödeklerinde düwnük keseliniň emele gelmeginiň has ýokary bolýandygy anyklanyldy.

Aýmyrat MEREDOW,
Ahal welaýat psihiatriýa-narkologiýa hassahanasynyň lukmany.