"Türkmenistan" awiakompaniýasy Hoşimin, Milan, Jidda, Bangkok, Kuala Lumpur ugurlary boýunça awiabiletleri satyp başlady

16 Ýanwar 2024
932

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan Aşgabat – Kuala Lumpur – Aşgabat, 16-njy fewralyndan Aşgabat – Jidda – Aşgabat, 5-nji martyndan Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, 6-njy martyndan Aşgabat – Milan – Aşgabat ugurlary boýunça halkara uçuşlaryň açylýandygy barada habar berýär.

Bu ugurlara awiabiletleri resmi web sahypadan, şeýle hem Türkmenistanyň ähli awiabilet satýan kassalarynda we daşary ýurtdaky wekilhanalarymyzyň satuw nokatlarynda satyn alyp bolýar.