Ýiti respirator ýokanç keseliniň öňüni almak

7 Ýanwar 2024
713

Ýiti respirator ýokanç keselleriň howa-damja ýollary bilen ýokuşýandygyny nazara alyp, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde her gün irden burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli. Kesel bedeniň gyzgynynyň galmagy, asgyrma, üsgürme, dem gysma, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Şonda näsag adam köpçülik ýerlerine barmakdan saklanmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Öý şertlerinde lukmanyň bejergisini talabalaýyk berjaý etmeli.

Buýan kökünden, narpyzly, ary bally we limonly, ýer tudananyň mürepbesi goşulan melhem çaýlary, towuk çorbasy, sarymsak goşulan unaş tagamy has-da peýdalydyr. Öý we iş otaglarynyň howasyny üzärlik ösümligini peýdalanyp tämizlemeli.

Mekan AGAÝEW,
Aşgabat şäherindäki 12-nji saglyk öýüniň lukmany.